Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

22:0809.09.2022
0
19939

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri hanym Liz Trassa Onuň Alyjenaby Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Onuň Alyjenaby Şazenan Ýelizaweta II ömür ýoly, bitiren asylly işleri hem-de galdyran gymmatly mirasy häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda ebedi galar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gynanç hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Onuň Alyjenaby Şazenan Ýelizaweta II maşgala agzalaryna, şeýle hem Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň