Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» awtoulaglary reňklemek hyzmatyny ýola goýdy

12:5409.09.2022
0
14361

Türkmenistanda awtoulag hyzmatlary çygrynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükany ulaglary reňklemek hyzmatyny ýerine ýetirip başlady. Häzirlikçe ýokary hilli reňklemek işleri awtohyzmatlar merkeziniň Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesiniň 78-nji jaýynda ýerleşýän «Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükanynda müşderilere ýetirilýär.

Awtohyzmatlar merkezinde täzelikde ýola goýlan reňklemek hyzmaty dünýä tejribesiniň derejesine laýyklykda alnyp barylýar. Bu babatda reňkleriň görnüşleri we hil aýratynlyklary hyzmatlar merkezi tarapyndan kepillendirilip, dünýäde giňden ulanylýandygy hem-de uzak möhlete hyzmat edýändigi bilen tapawutlanýar.

«Awtoýolynyň» reňklemek hyzmatynda ulagyň reňkiniň has täsirli bolmagy, Gün şöhlesine we beýleki şertlere kybap gelmegi, reňk urmak işine inçelik bilen çemeleşilmegi ýaly birnäçe işlere giň ähmiýet berilýär. Bu ýerde dünýäde giňden peýdalanylýan nitro, akril, alkid, sintetika we ş.m ýaly köpdürli reňkler ulanylýar. Olar dünýäde meşhur brendleriň reňk önümleridir.

Aslynda, sürüjilerde ulagy reňklemek zerurlygy yzygiderli ýüze çykmaýan bolsa-da, ol ýyllarboýy ýerine ýetirilýän hem-de ulagyň daş keşbiniň abatlygyny üpjün edýän ýagdaý. Mysal üçin, ulagy reňklemek möhümligi sürüjiniň reňki çalyşmak islegine görä, dürli öwüşginleriň döremegi, ozalky reňkiň göwnejaý bolmazlygy, ýol-ulag hadysasy netijesinde nowada dörän näsazlyklar, nowanyň haýsydyr bir böleginiň bejerilmegi ýaly ýagdaýlarda ýüze çykyp bilýär.

Täze reňklemek hyzmatyny tejribeli ussa hünärmenleriň ýerine ýetirýändigini, ulagy reňklemezden ozal onda zerur bolan ähli abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini belläp geçmek gerek. Şunuň bilen birlikde, awtohyzmatlar merkeziniň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, bu ýerde ulagyň guratlygy ilkinji orunda goýlup, islendik ýüz tutmada müşderiniň isleglerini we talaplaryny doly kanagatlandyrmak esasy maksat hasaplanylýar.

«Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükanynyň reňklemek hyzmatyny ýerine ýetirýän salgysy:

  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesiniň 78-nji jaýy. Telefon belgileri: (+99312) 75 40 09.


Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň