Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» awtoýuwalga merkezinde sürüjiler üçin dynç alyş şertini döretdi

11:5720.08.2022
0
13476

«Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükanynyň Aşgabat şäheriniň Ankara köçesinde ýerleşýän awtoýuwalga merkezinde sürüjiler üçin naharlanmak, çaýdyr kofe içmek üçin dynç alyş şerti üpjün edildi. Indi bu ýerde awtoulaglaryny ýuwdurmaga gelýän müşderiler hyzmatlaryň ýerine ýetirilýän mahalynda täze açylan kafede dynç alyp we naharlanyp bilerler.

Hyzmatlar merkeziniň hünärmenleriniň habar berşi ýaly, Ankara köçesindäki «Awtoýoly» awtoýuwalgasynda işläp başlan täze kafede müşderileriň dykgatyna dürli hili tagamlaryň köp sanly görnüşleri, kofedir çaý içgileri, miweli içgiler we dürli hili süýjülikler hödürlenýär. Bu ýerde diňe bir sürüjiler däl-de, eýsem raýatlar hem wagtlaryny dynç alyp hoş geçirip bilerler.

Awtohyzmatlar merkeziniň awtoýuwalgasynda açylan täze kafeniň tagamnamasynda dürli hili tagamly naharlaryň bardygyny bellemek gerek.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat ş., Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi, «Awtoýoly» hyzmatlar merkezi;
  • Telefon belgileri: (+993 12) 45 48 16.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň