Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Azerbaýjana ugrady

11:4409.09.2022
0
11164

Futzal boýunça geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyryna taýýarlygyň çäginde, ýurdumyzyň milli ýygyndysy 10 — 23-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Ýygyndy toparymyz okuw-türgenleşigiň dowamynda halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirer. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler toparynyň geçirjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda çykyş etmek üçin, ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda çykyş edýän futzalçylaryň 14-siniň (2 derwezeçi, 12 oýunçy) çagyrylandygyny bellemek gerek — Meretgeldi Baýramow (derwezeçi), Şiri Baýramdurdyýew, Kadyr Berenow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow, Allamyrat Gurbanow, Danil Pançenko, Maksat Soltanow (hemmesi “Deňizçi”), Berdimyrat Sapardurdyýew (derwezeçi), Mülkaman Annagulyýew, Kerwen Annaorazow, Watan Ataýew, Maksat Myradow, Gurbangeldi Sähedow (hemmesi “Köpetdag”), Röwşen Orazmuhammedow (“Gümrükçi”).

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy okuw-tügenleşik tamamlanansoň, 23-nji sentýabrda yklym ýaryşynyň geçirilýän ýeri bolan Kuweýt döwletine ugur alar.

Ýygyndy toparymyz 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda “B” toparçada çykyş eder.

27-nji sentýabrda geçiriljek duşuşykda ýygyndy toparymyz Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndy topary bilen duşuşjak milli ýygyndymyz, 1-nji oktýabrda Täjigistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna meýdança çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň