Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýy gurlar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda bu jaýyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär ― diýip, türkmen metbugaty habar berdi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-46-64; +993 12 44-46-77.