Aşgabatdaky «Essa Maison» dükanyna ajaýyp kreslolaryň we oturgyçlaryň täze tapgyry gelip gowuşdy

13:4405.09.2022
0
14008

«Essa Maison» dükany türkmenistanlylary owadan dizaýnly oturgyçlaryň we Ýewropanyň hili bilen kepillendirilýän ajaýyp kreslolaryň täze gelen kolleksiýasy bilen tanyşmaga çagyrýar.

Ussatlyk bilen ýasalýan we iň döwrebap çözgütleri özünde jemleýän oturgyçdyr kreslolar bu ýere gelýän alyjylaryň adaty interýer babatdaky düşünjesini has döwrebaplyk bilen özgerdýär.

Müşderilere ýetirilýän haryt görnüşleriniň dürli maksatlara we isleglere kybap gelýän stilde bezelmegi, şeýle-de olaryň örän reňkdar bolmagy Ýewropanyň ýokary hilli mebellerini saýlamakda dürli hili çözgütleri hödürleýär.

«Essa Maisondaky» kreslolar we oturgyçlar polimer örtükleriniň giň görnüşi, gaty hozdan hem-de bukdan bolan material bilen poslamaýan polatdan ýasalýar. Bu mebelleri örtmek üçin bolsa özüne çekiji, şol bir wagtyň özünde hem eko-deri, mikro-welýur, nubuk we dokma örtügi ýaly berk premium derejeli matalar ulanylýar.

Aşgabatdaky «Essa Maison» dükany şu salgyda ýerleşýär: “Gül Zemin” söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat.

  • Telefon belgileri: (+993 65) 11 64 57;
  • Elektron poçta salgysy: essa.maison.tm@gmail.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň