Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň BAE-de geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlary belli boldy

21:1204.09.2022
0
15742

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Said Seýidowyň tälim berýänleri ilkinji duşuşygyny 5-nji sentýabrda Şarja şäherinde ýerli “Gulf United FC” topary bilen duşuşar. 7-nji sentýabrda bolsa Dubaý şäherinde ýerli “Fursah Hispania FC” topary bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Geçirilen bije çekişlikde “D” toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň