TÝL ― 2022: «Köpetdag» Maryda «Merwi» ýeňip, dördünji orna çykdy

22:3002.09.2022
2
20180

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň çäginde şu gün bir duşuşyk geçirildi. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda “Merw” paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan Tofik Şukurowyň tälim berýän “Köpetdagy” toplan 12 utugy bilen ýaryş tertibinde dördünji orna geçmegi başardy. 13 utugy bolan “Merw” eýeleýän üçünji ornunda galdy.

Geçiren duşuşyklarynda 19 utuk toplan “Ahal” toparynyň ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýändigini ýatladýarys.

8-nji tapgyryň galan duşuşyklary 3-nji sentýabrda geçirilip, onda “Energetik” – “Altyn Asyr”, “Nebitçi” – “Ahal” hem-de “Aşgabat” – “Şagadam” toparlary duşuşarlar.

8-nji tapgyryň duşuşygy:

“Merw” – “Köpetdag” – 0:2
Gollar: 5 (11 m.j.u.), 83 Begenç Akmämmedow (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 36 Döwletmyrat Döwletmyradow, 76 Amangeldi Saparow, 79 Daýanç Orazgulyýew (“Merw”) – 90+2 Şazada Bäşimow, 90+3 Döwletýar Berdiýew (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Ahal» FK 7 6 1 0 25-5 19
2. «Altyn Asyr» FK 7 4 3 0 10-2 15
3. «Merw» FK 8 4 1 3 12-11 13
4. «Köpetdag» FK 8 4 0 4 13-15 12
5. «Şagadam» FK 7 3 2 2 10-9 11
6. «Energetik» FK 7 2 1 4 5-15 7
7. «Aşgabat» FK 7 1 0 6 8-13 3
8. «Nebitçi» FK 7 1 0 6 7-20 3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň