Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durky täzelener

21:4902.09.2022
0
47969

Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durkuny döwrebap täzelemegi we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak baradaky şertnamany şol paýdarlar jemgyýeti bilen tölegsiz esasda baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we bu işleri 2024-nji ýylyň maý aýynda doly tamamlamak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň