Sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

00:2130.08.2022
0
16629

Türkmenistanyň paýtagtynda sport gimnastikasy boýunça ýurduň çempionaty geçirildi. Ýaryş Aşgabatdaky 13-nji sport mekdebinde geçirildi ― diýip, «Media Türkmen» ýazýar.

Milli çempionata paýtagtdan we ähli welaýatlardan ýygnanan gimnastikaçylar gatnaşdy.

Çempionat iki ugur boýunça geçirildi. Olaryň birinji erkekleriň we zenanlaryň arasynda köpugurly ýaryş, ikinjisi ýörite snarýadly sport gimnastikasydyr.

Ýaryşlaryň netijesinde aşakdaky türgenler halkara ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyny gazandylar:

  • E.Muturzaýewa ― Aşgabat şäheri;
  • G.Seýitberdiýewa ― Lebap welaýaty;
  • E.Suhanowa ― Lebap welaýaty;
  • M.Rozyýew ― Lebap welaýaty;
  • U.Alijanow ― Lebap welaýaty.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň