Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow Özbegistanyň «Dustlik» ordeni bilen sylaglandy

02:4927.08.2022
0
35770
Raşid Meredow Özbegistanyň «Dustlik» ordeni bilen sylaglandy
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Düýn — 26-njy awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-özbek geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Permany esasynda, Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpasyrlyk hoşniýetli dostluk, goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem söwda, senagat, oba hojalygy, energetika, suw hojalygy, ulag we logistika ulgamynda bilelikdäki maksatnamalary hem-de goşulyşmak taslamalaryny ilerletmekde we medeni-ynsanperwer alyşmalary giňeltmekde işjeň orny eýeleýändigi üçin «Dustlik» («Dostluk») ordeni bilen sylaglanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa bu sylagy dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni bilen sylaglandylar. Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen türkmen-özbek geňeşmeleriniň çäklerinde olary sylaglamak dabarasy boldy. Özbek wekiliýetiniň agzalary bu ýokary sylaga ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, şeýle hem iki ýurduň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň