Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek geňeşmeleri geçirildi

22:2826.08.2022
0
25007

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-özbek geňeşmeleri geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda bu işi ilerletmek üçin duşuşyklaryň guralmagynyň wajypdygyny bellediler.

Türkmen-özbek geňeşmeleriniň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň