Soňky habarlar

Arhiw

Ysraýylyň ilçisi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

19:4826.08.2022
0
30551

Penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew DIM-de Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçisi Bet-Iden Kaýt bilen duşuşdy.

Söhbetdeşlikde diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ysraýyl ilçihanasynyň sosial media hasabynda berlen habara görä, gepleşiklerde ýaşlar babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Bet-Iden Kaýt 2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň