Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

22:0910.05.2022
0
3874
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýylyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, diplomat ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidente Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň mähirli salamyny ýetirdi we iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Ysraýylyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady ulgam, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, suw serişdelerini rejeli ulanmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle hem ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Taraplar dünýä giňişliginde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Bet-Iden Kaýty Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ysraýylly diplomat döwlet Baştutanyna mähirli sözleri üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly ysraýyl-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň