Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda 4416 sany telefon belgisi işe giriziler

11:5525.08.2022
0
45562

Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda 20 binany we desgany gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar diýip, şu günki «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, olara 4 sany hassahana, 3 sany saglyk öýi we merkezi, 1 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 7 sany umumybilim berýän mekdep, 2 sany medeniýet öýi degişlidir. Şu döwürde 743,37 kilometr suw geçirijini, 2 sany suw arassalaýjy desgany, 25 sany dik guýyny, 112,00 kilometr lagym geçirijilerini, bir lagym arassalaýjy desgany, 244,09 kilometr awtomobil ýoluny, 212,0 kilometr gaz geçirijini, 347, 50 kilometr elektrik geçirijini gurmak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, şu döwürde welaýat boýunça 89,5 kilometr telefon ulgamy çekiler, 4416 sany telefon belgisi işe giriziler hem-de 710,48 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň