Aşgabatda täze seýilgäh gurlar

23:3223.08.2022
0
70928

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, şäheriň çäklerinde durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşyny synlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň üstünden uçuşy tamamlap, paýtagtyň Arçabil şaýolunyň we N.Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerine bagyşlanan şekil-taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde wise-premýer Ç.Purçekow paýtagtyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulyp, hödürlenen taslamalaryň, desgalaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi. Görkezilen taslamalaryň hatarynda paýtagtyň günorta künjeginde ýerleşýän Baş baýdak meýdançasynyň durkuny täzelemek boýunça teklip edilýän meýilnamalar, bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we onuň çägini giňeltmek boýunça birnäçe şekil taslamalary we çyzgylar bar.

Wise-premýer Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we teklip edilýän desgalar barada maglumat berdi.

Täze seýilgäh toplumynda çagalar we ýetginjekler çeperçilik merkezi, ýapyk görnüşli elektron oýunlar binasy, attraksionlar zolagy, çaýhanalar we restoranlar ýerleşer. Şeýle hem şol ýerde çagalar üçin niýetlenen dürli oýun merkezleri, meýdançalar, welosiped ýodalary bolar. Seýilgähiň suw çüwdürimleri onuň desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer. Täze seýilgäh şäher ilatynyň maşgala bolup dynç alýan ýerine öwrüler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň