Soňky habarlar

Arhiw

1-nji sentýabrdan Türkmenistanyň bilim edaralary adaty tertipde işe başlar

12:4523.08.2022
0
145916

Täze okuw ýylynyň başlamagy bilen, Türkmenistandaky ähli mekdepler — orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri ýene kadaly iş tertibine gaýdyp geler. Bu barada «Orient.tm» habar berýär.

Geçen iki ýylyň dowamynda ýokanç keselleriň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin ýörite çäreler görülip, okuw sagatlaryna dürli çäklenmeler girizilipdi. Çeşmede bellenilşi ýaly, adaty iş tertibine geçmek mugallymlaryň işini ýeňilleşdirer. Şeýle-de sapagy düşündirmek, okuwçylaryň we talyplaryň bu ugurdaky bilimlerini barlamak üçin ýeterlik zerur bolan wagtyň üpjün edilmegine ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň