Türkmenistan bilen IRU-nyň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berilýär

22:3922.08.2022
0
20818

Türkmenistan we Halkara awtoulaglar birleşigi (IRU) halkara ulag pudagynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär diýip, Trend IRU-a salgylanyp habar berýär.

«Häzirki wagtda IRU we Türkmenistan halkara derejesinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy we IRU-nyň goldawy bilen BMG 2014-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli aralykda ulaglaryň durnukly ösüşi barada üç Kararnama kabul etdi» diýip, çeşme ýazýar.

1996-njy ýylda bu ýurduň Halkara awoulaglar konwensiýasyna (TIR) ​​goşulaly bäri, Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň 20 ýyldan gowrak mundan ozal başlandygy bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň