Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Billi Jin King kubogyna gatnaşýar

09:0022.08.2022
0
10860

Täjigistanyň zenanlar ýygyndysy bilen geçirilýän duşuşyk arkaly Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy şu gün Billi Jin King kubogy ugrundaky halkara ýaryşa girişýär. Biziň ildeşlerimiz ýaryşyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Aziýa we Okeaniýa sebitiniň II zolagyna wekilçilik edýärler.

Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa boýunça I zolagyna ýollanma almak üçin 8 ýygyndy iki toparça bölünip ýaryşýar. «A» toparçany Özbegistanyň, Şri-Lankanyň, Guamyň, Bruneýiň, «B» toparçany bolsa Pakistanyň, Türkmenistanyň, Mongoliýanyň we Täjigistanyň ýygyndylary emele getirdi.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasyndan «Turkmenportala» habar berlişi ýaly, biziň ýygyndymyza Anastasiýa Azimbaýewa, Merýem Muhammedowa, Bahar Toýmyradowa, Aýşa Bikbulatowa we Rojan Karajaýewa dagylar wekilçililik edýärler.

Milli ýygyndynyň kapitany we baş tälimçisi Türkmenistanyň sport ussady, erkekler milli ýygyndymyzyň agzasy, ITF-niň halkara derejeli tälimçisi Ýuriý Rogusskidir.

Türkmenistanyň wekiliýetine milli derejeli emin, halkara derejeli tälimçi Andreý Dowmatow hem girýär.

Billi Jin King kubogy zenan tennisindäki abraýly halkara ýaryşlaryň biridir. Ýaryş Halkara tennis federasiýasy (ITF) tarapyndan geçirilýär. Bu ýaryş 1963-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Federasiýa kubogy diýlip atlandyryldy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa ol amerikaly tennisçi Billi Jin Kingiň ady bilen ebedileşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň