Soňky habarlar

Arhiw

«Traktor» Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy

11:3722.08.2022
0
16293

Töwriziň «Traktor» topary futbol boýunça Eýranyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň oýnunda «Zob Ahany» kabul edip, 1:1 hasabynda deň oýnady.

Duşuşygyň birinji ýarymynyň ortalarynda myhmanlar Sadeg Sadegiň goly bilen hasapda öňe geçdiler. Oýnuň esasy wagtyna goşulan ýedinji minutda Resa Asad tarapyndan urlan gol bolsa, «Traktory» ýeňlişden halas etdi.

Bu duşuşyk Gurban Berdiýew üçin «Traktoryň» baş tälimçisi hökmünde ikinji oýun boldy. Bir hepde öň «Traktor» 1:2 hasabynda «Gol Gohardan» utulypdy.

Şeýlelikde, Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazanan «Traktor» iki tapgyrdan soňra futbol boýunça Eýranyň çempionatynda 1 utuk bilen 14-nji ýerde barýar.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew şu ýylyň iýun aýynda eýran toparynyň baş tälimçiligine bellenipdi. Türkmenistanly hünärmeniň mundan ozalky iş ýeri Gazagystanyň «Kaýrat» topary bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň