Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde TDHÇMB-da 36 geleşik baglaşyldy

23:0721.08.2022
0
12669

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 36 geleşik hasaba alyndy. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň işewürleri arassalanan benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Özbegistanyň hem-de BAE-niň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we tehniki ýody satyn aldylar. Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçileri bolsa nah ýüplügi we boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 727 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 724 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million 960 müň manada deň bolan, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň