Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Bärde Biz» biznes-katalogynyň üçünji neşiriniň tanyşdyryşy geçiriler

18:3419.08.2022
0
19444
Aşgabatda «Bärde Biz» biznes-katalogynyň üçünji neşiriniň tanyşdyryşy geçiriler

Şu ýylyň tomsunda «Bärde Biz» işewürlik neşiriniň üçünji sany çap edildi, onuň tanyşdyryşy 19-njy sentýabrda Aşgabatdaky «Gül Zemin» söwda merkezinde ýerleşýän «Altyn» restoranynda geçiriler.

«AkEnMar» PR agentliginiň hünärmenleri meşhurlyk gazanan žurnalyň sahypalarynda işewürlik ulgamyndaky täze we peýdaly maglumatlary ýygnamagyny dowam edýär.

Katalogyň nobatdaky sanynda Türkmenistandaky 134 sany kompaniýalar we hususy telekeçiler, şol sanda olaryň öndürýän önümleri hem-de hödürleýän hyzmatlary hakynda maglumatlar ýerleşdirilen.

«AkEnMaryň» bu taslamasynyň esasy maksady – türkmen işewürligini mahabatlandyrmaga ýardam etmek. Şeýlelikde, bu neşir giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Biznes-katalogyň kömegi bilen türkmenistanly iş toparlary täze hyzmatdaşlary tapyp bilerler, hödürleýän harytlaryny ýa-da hyzmatlaryny ilerledip, öz mümkinçiliklerini artdyryp bilerler, gyzyklanma bildirýän taraplar bolsa kärhanalar barada doly maglumat alarlar we olaryň hyzmatlary bilen tanşarlar.

«Bärde Biziň» tiražy 10 müň nusga. Katalog mugt görnüşde söwda we işewürlik merkezlerinde, uçarlarda, poçta bölümlerinde, iri dükanlarda we myhmanahnalarda elýeterlidir.

Ýatlatsak, bu taslama 2020-nji ýylda üstünlikli badalga alypdy, «Bärde Biz» žurnalynyň ilkinji neşiriniň tanyşdyryşy bolsa 2021-nji ýylyň martynda geçirilipdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň