Soňky habarlar

Arhiw

«Sanly» adamlar dörediler

16:5519.08.2022
0
9183
«Sanly» adamlar dörediler
Surat: gazeta.ru

Dünýäniň öňdebaryjy IT-kompaniýalary golaý geljekde «sanly» adamlar, sebäp-netije arabaglanyşygyna ukyply ösen emeli aň ýaly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak ugrunda iş alyp bararlar. Bu barada «Gartner» seljeriş kompaniýasynyň «Hype Cycle for Emerging Technologies» atly hasabatynda nygtalýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Bilermenleriň pikirine görä, täze öňegidişlikler golaý 2-10 ýylyň dowamynda bu ugurlarda uly üstünlik gazanjak kompaniýalar üçin aýratyn bäsdeşlik ukyplylygyny üpjün eder.

Hasabatda «sanly» adamlaryň emeli aň tarapyndan dolandyrylýan interaktiw obrazlardygy bellenýär, olar azyndan käbir adam bilimlerine we häsiýetlerine eýe bolarlar, şeýle-de özbaşdak pikirlenmegi başararlar.

Emeli aň golaý geljekde sebäp-netije arabaglanyşyklaryny ýüze çykarmaga we olara baha bermek ulgamyny üýtgetmäge ukyply bolarlar diýlip, «Gartner» kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar.

Bu bolsa, maksady has öňünden kesgitlemäge hem-de has özbaşdak hereket etmäge ukyply bolan emeli aň ulgamlaryna geçmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň