Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly zenan saçyny 33 metre çenli ösdürdi

14:2119.08.2022
0
6955
Amerikaly zenan saçyny 33 metre çenli ösdürdi
Surat: gazeta.ru

Amerikaly Aşa Mandela diýen zenan saçyny 33 metre çenli ösdürdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýurduň Florida ştatyndan bolan 60 ýaşly Aşa Mandela 2009-njy ýylda dünýäde iň uzyn saçly zenan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, şol wagt onuň zülpleriniň uzynlygy tas 6 metre ýetýärdi, golaýda bolsa ol özüniň bu rekordyny täzeländigini yglan etdi.

Aşanyň sözlerine görä, onuň 40 ýyl bäri ösdürip gelýän saçy indi 33 metre ýetýär.

Mandela saçyny ýaglyk bilen daňyp gezýändigini aýdýar, şeýtmese, uzyn saçy aýagyna çolaşyp, hereket etmäge päsgel berýär. Adamsy onuň saçyny ýuwmak üçin birnäçe sagat iş edinmeli bolýandygyna seretmezden, şeýle özboluşly ýanýoldaşynyň bardygyna guwanýar.

Hepdede bir sapar saçyny doly ýuwmak üçin Aşa alty gap şampun gerek bolýar, soň bolsa iki günläp saçyny guradýar.

«Men hiç haçan saçymy kesmekçi däl» diýip, Mandela aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň