Türkmenistan Bütinrussiýa deňiz kongresine gatnaşar

15:4318.08.2022
0
9207

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty deňiz pudagynda ýylyň iň uly çäresini geçirer. Has takygy, şu ýylyň 3-4-nji oktýabrynda Bütinrussiýa deňiz kongresini geçirmek meýilleşdirilýär.

Forumyň giň gerimli işewürlik maksatnamasynyň çäginde deňiz we derýa senagatynyň iň möhüm temalarynda 20-den gowrak sessiýa geçiriler.

Bu çärä 200-den gowrak rusiýaly we halkara hünärmenler hem-de spikerler gatnaşar.

Kongresi guraýjylaryň sözlerine görä, oňa Türkmenistandan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Hindistandan, Wýetnamdan, Filippinlerden, Mýanmadan, BAE-den, Müsürden, Latyn Amerikasyndan we Gazagystandan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň