Türkmen telekeçileri Özbegistanda geçiriljek halkara sergisine çagyrylýar

14:0318.08.2022
0
8238

Özbegistanda deri we aýakgap senagaty boýunça UzCharmExpo — 2022 halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre 12-14-nji oktýabr aralygynda ýurduň paýtagty Daşkent şäherinde guralar.

«Uzcharmsanoat» birleşigi türkmenistanly telekeçileri we işewürleri sergä gatnaşmaga çagyrýar. Bu sergä her ýyl 100-e golaý özbek we daşary ýurt kompaniýalary gatnaşýarlar.

UzCharmExpo — 2022-e gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň üsti bilen şu telefon belgisi (+993 12) 39 88 81 telefon arkaly iberilip bilner.

Şeýle hem serginiň çäginde işewürlik duşuşyklarynyň we çykyşlaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň