Soňky habarlar

Arhiw

«Ussa TM» goşundysy arkaly öý boýaglaryny gözlemek has-da ýeňil boldy

11:5918.08.2022
0
5969
«Ussa TM» goşundysy arkaly öý boýaglaryny gözlemek has-da ýeňil boldy

Ýaňy-ýakynda işläp başlan «Ussa TM» ykjam goşundysy raýatlara öý abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmekde gurluşyk harytlarynyň müňlerçe görnüşini hödürlemek bilen eýýämden uly gyzyklanma eýe boldy.

Gurluşyk harytlarynyň bu ykjam hyzmatlar toplumynda «Marshall», «Betek», «Polisan», «Delfin», «Silkcolt» ýaly dünýäniň ýokary hilli haryt nyşanly önümleriniň 100-den gowrak görnüşli emulsiýa we lak-boýag harytlary jemlenen.

«Ussa TM» ykjam goşundysy amatly gözleg ulgamy bilen hem tapawutlanýar. Mysal üçin, goşundynyň «Boýaglar we emulsiýalar» bölümçesi boýunça ulanyjy özüne gerek bolan emulsiýanyň ýa-da boýagyň islendik hilisini dessine tapyp bilýär.

Programmanyň mümkinçiligi bilen öýleriň içini, daşyny, şeýle-de bezeg ýerlerini reňklemek üçin akril we silikon emulsiýalary satyn alyp bolýar. Şular bilen birlikde hem haryt görnüşleriniň hatarynda ýuwulýan emulsiýalar bardyr.

Ýuwulýan emulsiýanyň tapawutly aýratynlygyna ony ilkinji nobatda ýuwup bolýandygyny, şeýle-de ýeňil çalynýandygyny, durnuklylygyny we reňki ýokary derejede ýapmaga ukyplydygyny bellemek gerek.

Bu ýerde alyjylara ýetirilýän emulsiýa önümleriniň reňk görnüşleriniň köpdürlüligi hem-de görnüşleri (adaty, ýalpyldawuk) öýüň umumy interýer çözgüdini zerur reňki tapmakda giňden ýardam eder.

«Ussa TM» ykjam goşundysynda ulanyjylar üçin başga-da köp sanly gurallar, berkidijiler we furnitura, gapylar, santehnika, plitalar, kafel we öý üçin gerekli beýleki materiallar tapdyrýar.

«Ussa TM» onlaýn dükanynyň hünärmenleri häzirki wagtda edilen sargytlary Aşgabat şäheriniň çägine we Änew şäherçesine eltip berýärler. Ýakyn geljekde bolsa gurluşyk harytlarynyň bu hyzmaty ýurduň beýleki sebitlerine-de ýetiriler. Töleg çapar tarapyndan nagt görnüşinde kabul edilýär, ýakyn wagtda harytlar üçin tölegleri bank kartlary arkaly amala aşyrmak mümkin bolar.

«Ussa TM» ykjam goşundysyny Google Play hem-de AppStore internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň