Türkmenistanda gurluşyk harytlaryny we gurallary onlaýn görnüşde satyn almak üçin mobil goşundy işe girizildi

09:0809.08.2022
0
5629

Abatlaýyş işlerini geçirmek hemişe kynçylyk döredýär, ony ýöne ýerden «kiçijik söweş» diýip atlandyrmaýarlar ahyry. «Ussa TM» mobil goşundysyny işläp düzenler türkmenistanlylar üçin bu agyr işi ýeňilleşdirmegi teklip edýärler.

Mobil goşundynyň hödürleýän harytlary 19 dereje boýunça bölünip, dünýäniň ýüzden gowrak kompaniýalarynyň we öndürijileriniň müňlerçe önümlerini öz içine alýar.

Ussa TM – bu gurluşyk we sarp edilýän harytlary, armaturalary, metal önümlerini, ýyladyş we lagym enjamlaryny, el we elektrik gurallaryny, santehnika enjamlaryny, şeýle hem abatlamak we gurmak üçin zerur bolan beýleki önümleri gözlemegiň amatly ulgamydyr.

Şeýle hem programmany ulanyjylar «Arzanladyşlar» bölüminde bahasy arzanladylan önümleri yzarlap, has özüne çekiji bahadan satyn alyp bilerler.

Amatlylyk üçin mobil goşundysy iki dilde: türkmen we rus dillerinde işlenilip düzüldi.

«Ussa TMyň» artykmaçlyklaryna sargydy resmileşdirmegiň ýeňilligini we haryt gowşurylandan soň tölegi nagt serişdeler bilen hem, bank karty arkaly hem geçirip bolýandygyny degişli etmek bolar. Eltip bermek hyzmaty Aşgabat we Änew boýunça amala aşyrylýar.
Işläp düzüjileriň belleýişleri ýaly, «Ussa TM» mobil goşundysy mundan beýläk hem kämilleşdiriler we önümleriň sanawy yzygiderli täzelener.

«Ussa TM» Google Play we App Store onlaýn dükanlarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň