Soňky habarlar

Arhiw

«Manas» iňlis diline terjime edildi

17:3311.08.2022
0
1527

Gyrgyz halkynyň medeni mirasy bolan «Manas» eposy iňlis diline terjime edildi, terjimede dramaturg Mar Baýjyýewiň nusgasy saýlanyp alyndy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýerli iňlis dili mugallymy Akylaý Baýmatowa terjimäniň üstünde bäş ýyllap işledi, ol munuň üçin eposyň ähli nusgalaryny jikme-jik öwrendi.

«Manas» öň rus, hytaý, nemes, fransuz we ýapon dillerine terjime edildi. Üç bölümden ybarat bolan, 400 sahypadan gowrak epos elektron nusgada hem elýeterli edildi. Okyjylar ony internetdäki dükanlaryň birinden satyn alyp biler.

«Manas» dünýä edebi mirasynyň taryhynda iň uly eposdyr. Ol 500 müň setirden hem geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň