Soňky habarlar

Arhiw

«Baýer» ýeňlişsiz ýöriş boýunça täzelenen rekord bilen Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy

10:5110.05.2024
0
12111

Germaniýanyň «Baýer» kluby Ýewropa ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda Italiýanyň «Romasy» bilen 2:2 hasabynda deň oýnady hem-de iki oýnuň jemi boýunça garşydaşyndan üstün çykyp, ýaryşyň finalynda ýollanma aldy. Duşuşyk Lewerkuzen şäherinde geçirildi.

Maglumat üçin, «Baýer» şu möwsümde ýeňlişe sezewar bolman gelýär. Habi Alonsodan tälim alýan toparyň ýeňlişsiz ýörişi 49 oýna ýetdi. Şeýlelikde, «Baýer» resmi oýunlardaky iň uzyn ýeňlişsiz ýöriş boýunça täze rekordyň eýesi boldy. Mundan ozalky rekord 1963-nji ýylyň 22-nji dekabryndan 1965-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli döwürde bassyr 48 resmi oýny ýeňlişsiz tamamlan «Benfika» degişlidi.

«Baýer» Ýewropa ligasynyň finalynda ýene bir italýan kluby «Atalanta» bilen duşuşar. «Atalanta» ýarym finalda Fransiýanyň «Marsel» klubundan (1:1, 3:0) üstün çykdy.

«Atalanta» öz taryhynda ilkinji gezek ýewrokuboklaryň finalynda çykyş eder. «Baýer» bolsa Ýewropanyň klublaryň arasyndaky ikinji derejeli ýaryşynyň finalynda ikinji gezek meýdança çykar. Bu topar 1988-nji ýylda UEFA Kubogunyň finalynda «Espanýoly» utup, çempion bolupdy. 2022-nji ýylda bolsa nemes kluby Ýewropa çempionlar ligasynyň finalynda meýdança çykyp, «Realdan» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Ýewropa ligasynyň häzirki çempiony Ispaniýanyň «Sewilýa» toparydyr. Ýaryşyň şu ýylky finaly 22-nji maýda Dublin şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň