Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Türkmenistanda onlaýn söwda bazarynyň umumy mukdary 370 million dollar bolar

10:2410.05.2024
0
7080

Türkmenistanda sanly söwda gurşawy yzygiderli ösýär. Bu barada «Statista» portaly tarapyndan taýýarlanylan ýörite hasabatda aýdylýar.

Hasabata laýyklykda, Türkmenistanda onlaýn söwdanyň 2024-nji ýylda 8,06 göterim ýokarlanyp, 370 million amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. Bu görkezijiniň 2029-njy ýyla çenli 544 million amerikan dollaryna ýetjekdigi çaklanylýar.

«Statista» portalynyň maglumatlaryna görä, 2029-njy ýyla çenli ýurtda onlaýn söwda hyzmatlaryndan peýdalanýan alyjylaryň sany 800 müň ýeter. Şeýle-de ýurduň içerki bazarynda onlaýn söwda bolan islegiň barha artýandygyny hasaba alnyp, ösüş görkezijileriniň has ýokary bolup biljekdigi hem nygtalýar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ýurtda dürli harytlary we hyzmatlary hödürleýän 300-den gowrak ýöriteleşen onlaýn dükan hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň