Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy

09:4710.05.2024
0
11796
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy
Surat: mfa.gov.tm

7 — 9-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, BAE-niň wekiliýetleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ilerletmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, energiýa bazarlaryny ösdürmek, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlaryny çekmek, iri ýataklarda öndürijiligi ýokarlandyrmak ugrundaky täze aragatnaşyk gurallary, şeýle-de ekologiýa taýdan arassa önümçiligi, innowasiýa tehnologiýalaryny we nou-haulary girizmek ýaly derwaýys meseleler ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine girizildi.

Bu uly göwrümli maýa goýum forumy her ýyl hökümet wekillerini, işewür ýolbaşçylary, maýadarlary, syýasatşynaslary, bilermenleri, şeýle hem pudagyň öňdebaryjylaryny we ählumumy meseleleri çözmäge, maýa goýumlaryny ösdürmäge hem-de dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini çaltlandyrmaga gyzyklanma bildirýän taraplary ýygnaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň