Soňky habarlar

Arhiw

Çärjew etrabynyň täze merkezi gurulýar

10:4811.08.2022
0
8308

Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksanamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň etraplarynyň çäklerinde täze, häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barlar.

Balkan welaýatynyň çäginde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek maksady bilen, «Ak ýaýla» şor suw howdanynyň töwereginde täze, döwrebap obanyň gurluşygy dowam etdiriler hem-de şol ýerde durmuş maksatly binalaryň, ýagny çagalar bagynyň, umumy bilim berýän mekdebiň we medeniýet öýüniň gurluşygy meýilleşdirilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Lebap welaýatynyň Halaç, Kerki we Saýat etraplarynda ähli zerur üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň we Çärjew etrabynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşyklary alnyp barlar. Ilatyň ýaşaýyş-jemagat şertlerini gowulandyrmak üçin welaýatda suw geçirijileriň, lagym ulgamlarynyň durkuny täzelemek, gazlaşdyrmak işleri dowam etdiriler.

Maksatnamanyň meýilleşdirilýän döwründe Mary welaýatynyň Türkmengala, Wekilbazar we Sakarçäge etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleriň gurluşyklary dowam etdiriler. Täze köprüleri gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek we köprüleri düzgünleşdirmek boýunça işler alnyp barlar.

Geljekde Mary — Türkmenabat, Mary — Serhetabat awtomobil ýollarynyň, sebitiň awtoulag ýollarynyň, köprüleriň we beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň