Soňky habarlar

Arhiw

Rejep Bazarow Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

21:3208.08.2022
0
1029
Rejep Bazarow Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Surat: KABAR

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen duşuşdy. Şeýle-de şu gün bu geňeşiň 13-nji mejlisi geçirildi.

«Kabar» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, gyrgyz Lideri duşuşygyň dowamynda bu geňeşiň türki dilli döwletleriň ýakynlaşmagynda we özara dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuna ýokary baha berdi. Prezidentiň belleýşi ýaly, bu geňeşiň alyp barýan işi netijesinde onuň ýörite baýragy, ýokary okuw mekdebi, esasy nyşanlary döredildi. Häzirki wagtda bolsa türki dilli döwletleriň taryhy barada gürrüň berýän okuw kitaby taýýarlanylýar. Sadyr Žaparow söhbetdeşlikde Gyrgyzystanyň başlangyjy bilen IV Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň şu ýyl Türkiýede geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini belledi.

Ýaşulular öz gezeginde gyrgyz Liderine mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň bu geňeşiň ösüşine saldamly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle-de türk dilli döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurlygy barada öz pikirlerini beýan etdiler.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Sadyr Žaparow Gyrgyz Respublikasy bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin, Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymy ýokary derejeli «Danaker» ordeni bilen sylaglady.

Soňra geňeşiň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Onuň işine Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Azerbaýjandan Hasan Hasanow, Gazagystandan Ikram Adyrbekow, Gyrgyzystandan Medethan Şerimkulow, Özbegistandan Bahtiýor Saýfullaýew, Türkmenistandan Rejep Bazarow we guramanyň baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Binali Ýyldyrym Ýaşulular geňeşiniň şu ýylyň dowamyndaky ikinji mejlisiniň geçirilýändigini belledi. Şeýle-de onuň dowamynda şu ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň Bursa welaýatynda IV Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň geçirilýändigini nygtady. Bellenilşi ýaly, bu oýunlar geljekde türki döwletler üçin Olimpiýa oýunlaryna öwrülip biler. Geňeşiň ýolbaşçysy çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna kabul edilendigini belläp, bu çözgüdiň geňeşiň işini güýçlendirýän möhüm ädim bolandygyny öňe sürdi.

Türkmenistandan bu geňeşiň mejlisine gatnaşan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary Rejep Bazarow Türkmenistanyň Ýaşulular geňeşiniň 13-nji mejlisine synçy hökmünde gatnaşmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de geňeşiň goňşy döwletler we sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde hem-de pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan Ýaşulylar geňeşiniň alyp barýan işine ýokary baha berýär we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bar bolan baý mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Duşuşygyň dowamynda Guramanyň baş sekretary B.Amreýew şu ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň