Turkmenportal logo
06.08.22
15601560
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatdaky teatrda çagalar üçin ýene bir eser sahnalaşdyrylýar
Türkmenabatdaky teatrda çagalar üçin ýene bir eser sahnalaşdyrylýar

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Aldarköse we döw» atly türkmen halk ertekisi sahnalaşdyrylýar, diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.


Oýnuň režissýory Öwezmämmet Galandarowdyr. Oýunda Aldarkösäniň, tilkiniň, döwüň başyndan geçirýän wakalarynyň üsti bilen ynsan paýhasynyň ähli päsgelçilikleri ýeňip geçýändigi baradaky pikirler öňe sürülýär. Teatryň artistleri Çary Rahmankulow, Dilaram Nurmämmedowa, Çary Eýeberenow, Gülbahar Gurbangulyýewa, Aziz Akyýew, Seýithan Seýithanow dagy çagalaryň söýgüli gahrymanlarynyň keşplerini ynandyryjy janlandyrypdyrlar. Oýnuň sahna bezegini Merdan Seýliýew, saz bezegini Ylýas Gurbanow ýerine ýetirýärler.