Soňky habarlar

Arhiw

Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy

10:3303.08.2022
0
6259
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Surat: Türkmenmetbugat

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda iri sport ýaryşlarynda — Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda şu günler zähmet rugsadynda bolýan ýolbaşçylar düzüminiň agzalary sport ulgamynda ýetilen sepgitleri we gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Çäräniň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türkmen türgenlerine iberen Gutlagy okaldy.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler Medine Amanowa hem-de Saparly Muhyýew, Russiýa Federasiýasynda guralan «Ýüpek ýoly — 2022» halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew bar. Türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Nissan Pathfinder» sport awtoulagy sowgat berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara rallide türkmen türgenleri ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň (T2) arasyndaky ýaryşda örän şowly çykyş edip, ýokary netijeleri görkezdiler. Ussat sürüjiler Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew birinji, Şamyrat Gurbanow bilen Muhammetmyrat Gurbanow ikinji, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow bolsa üçünji orny eýelemegi başardylar.

Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda bolsa Türkmenistanyň ýetginjekler hem-de ýaşlar ýygyndy toparlary jemi 20 medala mynasyp boldy. Onda 21 döwletden 260-dan gowrak türgen birbada iki ýaş derejesinde yklymyň çempionlygy ugrunda göreş alyp bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň