Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri başlandy, «Ozon» Türkmenistanda öz haryt nyşany üçin tikinçilik işini ýola goýdy, awgust aýynda geçiriljek esasy döwlet çäreleri

11:1601.08.2022
0
8126

1. Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda belleniljek döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri başlandy.

2. Rus söwda meýdançasy «Ozon» hususy «Hola» haryt nyşany bilen egin-eşik satuwyny ýola goýdy. Haryt nyşany üçin egin-eşikleri Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Hytaýdan önüm öndürijiler taýýarlaýarlar. Häzirki wagtda «Ozonda» zenanlar we çagalar üçin niýetlenen täze haryt nyşanly egin-eşikleriň 30-a golaýy hödürlenýär.

3. Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy döwlet çäreleri mälim edildi, olaryň hatarynda «Awazada» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy, halkara ýaryşlarynda tapawutlanan türgenleri sylaglamak dabarasy, Garabogaz köl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbüni tutmak we beýlekiler bar.

4. Türkmenistan A-98 belgili benziniň EURO-5 we EURO-6 ekologik görnüşlerini dünýä bazarlaryna eksport edip başlady. Eko-ýangyjyň ilkinji tapgyrlary Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geleşiklerinde BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy.

5. «Ahaltelekom» Ahal welaýatynyň çäklerinde täze FM-tolkun ýaýradyjylaryny ornaşdyrdy we «Miras», «Watan», «Çartarapdan» hem-de «Owaz» radioýaýlymlarynyň tolkun ýygylygyny üýtgetdi. Alnyp barlan işleriň netijesinde Ahal welaýatynyň ilatly nokatlatynyň, etraplarynyň we obalarynyň ýaşaýjylary milli radioýaýlymlaryny ýokarlandyrylan durulykly ses tolkunlary bilen diňlemäge mümkinçilik aldylar.

6. «Galam» dükanlar tory mekdep harytlary üçin 20% arzanladyş yglan edýär. Aksiýa 31-nji awgusta çenli kanselýariýa harytlarynyň we ýantorbalaryň ähli görnüşleri üçin dowam eder. Mundan başga-da, söwda eden her okuwça sapaklaryň tertibi üçin reňkli bellik çyzgysy sowgat berler.

7. Türkmenistanda 6-njy awgustda bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2022» atly halkara sergini geçirmek meýilleşdirilýär.

8. Moskwadaky halk hojalygynyň gazanlarynyň sergisinde dünýädäki iň uly doňdurma tanyşdyryldy. Süýjüligiň agramy 100 kilograma deňdir. Doňdurma sowet döwründe HHGS-de (ВДНХ) satylan süýjüligiň taýýarlanyş usuly esasynda moskwaly konditerler tarapyndan taýýarlandy. Ol guýma bal gatlakly we pisseli wanil plombirdir.

9. Atlantik ummanynyň suwasty dag geişlerinde alnyp barlag barlag işleriniň dowamynda täsin deşikleriň zynjyrynyň üstünden baryldy. Ummanyň düýbündäki adaty bolmadyk yzlar yzygiderlikde ýerleşip, bir çyzyga birigýärler we elde ýasalan desgany ýada salýarlar. Bu adaty bolmadyk yzlar Milli umman we atmosfera hadysalary müdirliginiň alymlary tarapyndan uzak aralykdan kameralar arkaly tapyldy.

10. Türkmenistanly Ylýas Allanazarow we alibek Jumanow «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda stol tennisiniň jübütleýin görnüşi boýunça kümüş medala mynasyp boldular. Final duşuşygynda olar Russiýanyň Ural federal okrugyndan serafim Orlowdan we Ilýa Konýuhowdan üstün çykdylar.

11. Türkmenistan «Aziýanyň çagalary» sport oýunlarynda ilkinji bürünç medalyny gazandylar. Oňa Aly Sytdyýew grek-rim göreşi boýunça 62 kg çenli agram derejede mynasyp boldy. Altyn medaly russiýaly Ýegor Kalaşnikow eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň