Azmunyň iki assisti «Baýeri» Germaniýanyň kubogy bilen hoşlaşmakdan halas edip bilmedi

13:3031.07.2022
0
5879

Nemesleriň «Baýeri» täze möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygynda utuldy. Germaniýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda ýerli çempionatyň üçünji ligasynda oýnaýan «Elfersberge» myhman bolan «Baýer» garşydaş topardan 3:4 hasabynda asgyn geldi.

Duşuşykda lewerkuzen şäherine wekilçilik edýän toparyň gollaryny Adam Glojek, Çarles Arangis we Patrik Şik geçirdi. Eýranly türkmen Serdar Azmun bolsa iki goluň ýardam pasyny berdi.

«Baýer» Germaniýanyň çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny 6-njy awgustda Dortmundyň «Borussiýasy» bilen geçirer.

27 ýaşly türkmen Serdar Azmunyň «Baýere» şu ýylyň 30-njy ýanwarynda goşulandygyny ýatladýarys. Ol geçen möwsümde nemes toparynda 11 duşuşyga gatnaşyp, bir gezek tapawutlandy, bir gezek hem assist etdi. Azmunyň klub bilen 2027-nji ýyla çenli şertnamasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň