Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DHÇMB-niň işi kämilleşdiriler

15:3930.07.2022
0
12603

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilýändigi, eksport-import, birža amallarynyň kämilleşdirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň Düzgünnamasyny kämilleşdirmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy. Maglumat hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bahalaryň elektron maglumatlar binýadyny döretmek, bahalaryň binýady esasynda daşarky we içerki söwda şertnamalaryny seljermek, birža amallaryna gatnaşýan taraplary okatmak, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ygtyýarlyklary we borçlary kesgitlemek, maddy däl gymmatlyklary bellige almaga degişli bolmadyk şertnamalaryň sanawyna goşmak teklip edilýär.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynda möhüm ulgam, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegleri aýdyň görkezýän kuwwatly maglumat-seljeriş edarasydygyny belläp, wise-premýere bu ugurda geçirilýän işleri seljermek hem-de birža söwdasyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň