Dota 2 boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşjak ähli toparlar bellige alyndy

16:3128.07.2022
0
8390

Türkmenistanda Dota 2 boýunça 2022-nji ýylyň möwsümine gatnaşjak ähli toparlar belli boldy. Bu baradaTMeSF-niň metbugat gullugy habar berýär.

Dota 2 boýunça ýurduň çempionlygy üçin 21 topar göreşer. Ýeňiji şu ýyl Indoneziýanyň Bali şäherinde geçiriljek 14th IeSF World Esports Championships-de Türkmenistana wekilçilik eder.

Milli birinjiligiň saýlama tapgyry 1 ― 14-nji awgust aralygynda geçiriler.

Ýaryşyň onlaýn tomaşasy Twitch we YouTube kanallarynda we TmTub türkmen hostinginde elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň