Arhiw

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

11:1525.07.2022
0
12638

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) binasynda 9-njy awgustda sagat 9.00-dan 12.00-a çenli iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Ýarmarka Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölüminiň, TSTB-niň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilýär.

Guramalar, kärhanalar, firmalar we telekeçiler 1-nji awgustdan öň boş iş orunlary barada maglumat bermäge we bu çärä gatnaşmaga çagyrylýar.

Işe ýerleşmek isleýänleriň ýanynda pasport we zähmet depderçesi bolmaly.

Maglumat üçin Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi bölümine ýüz tutuň:

  • Aşgabat şäheri (Seýitnazar Seýdi köç., 3-nji jaý) tel: 92-14-56;
  • Bagtyýarlyk etrap bölümi (Bekrewe, köç. 2211, 25-nji jaý) tel: 37-46-68;
  • Berkararlyk etrap bölümi (Bekrewe, köç. 2211, 25-nji jaý) tel: 37-46-67;
  • Büzmeýin etrap bölümi (Oguzhan köç., 8-nji jaý) tel: 33-12-69;
  • Köpetdag etrap bölümi (Seýitnazar Seýdi köç., 3-nji jaý) tel: 92-15-26.
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy (S.Turkmenbaşy şaýoly, 81) tel: 22-74-07.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň