Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal» PTB bank hyzmatlarynyň töleg nyrhnamalaryna üýtgeşmeleri girizdi, «Awazanyň» kenarynda dijeýleriň festiwaly geçiriler

11:0323.07.2022
0
11834

1. Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky ýurduň ýuridiki hem-de fiziki şahslary üçin bank hyzmatlarynyň nyrhnamalaryna nobatdaky üýtgeşmeleriň girizilýändigi barada habar berdi. Bu üýtdeşmeler 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girer.

2. 23-24-nji iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Deňiz Merjeni» dynç alyş toplumynda «Aloha, Gawaýi» stilinde dijeýleriň festiwaly geçiriler. Bu ýerde myhmanlar agşamky şagalaňa, sirk çykyşlaryna, žonglýorlaryň dabaralaryna we aýdym-saz marafonyna tomaşa edip hem-de gatnaşyp bilerler.

3. Egin-eşigiň reňki ynsanyň gözellik terbiýesine, psihologiýasyna, hat-da hereketlerine-de täsirini ýetirýär. Geýimleriň öwüşgini hem-de sazlaşygy baýramçylyk we gündelik daş keşp ýörelgesini döretmekde esasy orny eýeleýär. Bu makalany okamak bilen, siz egin-eşikleriň reňkiniň many-mazmunyna düşünip bilersiňiz.

4. Mary welaýatynyň ähli ilatly zolaklaryna milli radioýaýlymlary ýetirmek maksady bilen täze FM-geçirijiler ornaşdyryldy. Indi welaýatyň ähli şäherleriniň we etraplarynyň ýaşaýjylary «Watan», «Miras», «Çar tarapdan» hem-de «Owaz» radioýaýlymlaryny ýokary ýygylykly ses tolkunlarynda diňläp bilerler.

5. «Tudor» erkek egin-eşikleriniň dükanyna syýahat.

6. Rianna hamyla zenanlar üçin niýetlenen egin-eşik kolleksiýasyny döretmegiň üstünde işleýär. Bu eşikler barbadossly aýdymçy zenan tarapyndan esaslandyrylan «Savage x Fenty» içki geýimleriň haryt nyşany bilen öndüriler. Aýdymçy bu babatda hamyla zenanlaryň täze öndüriljek eşikleri geýmek bilen özlerini has oňaýly we rahat duýmagyny göz öňünde tutýar.

7. Hindistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda Milli Demokratik Bileleşiginden dalaşgärlik edýän Draupadi Murmu ýeňiş gazandy. Ses berişligiň netijelerine laýyklykda, Draupadi Murma 64% ses berildi, Ýaşwant Sinha bolsa 36% ses aldy. Netijede, Murmu Hindistan Respublikasynyň 15-nji Prezidenti hökmünde bu wezipä saýlandy.

8. Ozal «Mançester Siti», «PSW» hem-de «Ufa» toparlarynda çykyş eden ukrainaly goragçy Aleksandr Zinçenko Londonyň «Arsenaly» bilen transfer şertnamasyny baglaşdy. «Sky Sport Italia» teleýaýlymynyň maglumat bermegine görä, Zinçenkonyň «Arsenal» topary bilen şertnamasynyň möhleti 4 ýyla niýetlenip, transferiň möçberi 35 million ýewro töweregi bolar.

9. «Barselona», «Ýuwentus» we «PSŽ» toparlarynyň düzüminde çykyş eden braziliýaly futbolçy Dani Alweş Meksikanyň «Pumas» topary bilen şertnama ylalaşygyny gazandy. Alwes «Barselona» toparyndan iýun aýynda şertnamasynyň dolandygy sebäpli gitdi. Ol katalon toparynyň düzüminde 2021/2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň ähli ýaryşlarynda 15 duşuşyga gatnaşyp, 1 gol geçirdi we 3 gezek ýardam pasyny berdi.

10. Sankt-Peterburgda Russiýanyň futbol çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň deslapky duşuşygy geçirildi. «Zenit» öz meýdançasynda Samara şäheriniň «Krylýa Sowetow» toparyny kabul edip, 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandy. Duşuşykda peterburglylaryň düzüminden Andreý Mostowoý 2 gol geçirdi we Daler Kuzýaýew 1 goly bilen tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň