Soňky habarlar

Arhiw

Duşenbede CAFA — 2022-niň dördünji tapgyryň oýunlary geçirildi

11:0418.07.2022
0
6636

Ýekşenbe güni Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň çempionatynyň dördünji tapgyry geçirildi.

Tapgyrda çempionlyk üçin esasy dalaşgärler bolan Özbegistanyň we Eýranyň ýygyndylary uly hasapdaky ýeňişlerini baýram etdiler. Özbegistanly zenan futbolçylar 7-0 hasabynda Gyrgyzystany ýeňlişe sezewar eden bolsalar, Eýran-Türkmenistan duşuşygy 4-0 hasabynda tamamlandy.

Dördünji tapgyrdan soňra turnir tablisasynda öňdeligi eýeleýän Özbegistanyň we Eýranyň hasabynda 9 utuk bar. Bu iki ýygyndy ahyrky tapgyrda özara güýç synanyşar. Dört tapgyrdan soňra Türkmenistanyň 2 utuk, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň hasabynda bolsa 1 utuk bar.

Bäsleşigiň jemleýji, bäşinji tapgyrynyň duşuşyklary 20-nji iýulda geçiriler. Şol gün Özbegistan Eýran bilen, Täjigistan bolsa Gyrgyzystan bilen özara güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň