Soňky habarlar

Arhiw

Şamyrat Gurbanow «Ýüpek ýoly» rallisiniň dokuzynjy tapgyrynda ikinji orny eýeledi

10:0816.07.2022
0
7175
Şamyrat Gurbanow «Ýüpek ýoly» rallisiniň dokuzynjy tapgyrynda ikinji orny eýeledi
Surat: media.silkwayrally.com

15-nji iýulda «Ýüpek ýoly» rallisiniň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Umumy uzynlygy 773 kilometre deň bolan bu tapgyryň çäginde ýerleşen Wolgograd — Lipesk aralygy 2022-nji ýylda ýaryşyň iň kynçylykly bölegi hasaplanýar.

Dokuzynjy tapgyrda hem birnäçe gün bäri öňdeligi elden bermeýän russiýaly türgen, LADA Sport ROSNEFT toparynyň sürüjisi Dmitriý Woronow ýeňiş gazandy. Liderden ýarym sagada golaý soň pellehana gelen türkmenistanly Şamyrat Gurbanow ikinji ýeri eýelän bolsa, üçünji ýer Merdan Toýlyýewe nesip etdi. Ýeri gelende bellesek, Şamyrat Gurbanow dokuzynjy tapgyrda Merdan Toýlyýewden bir minut öň pellehana gelip, ýolsaýlamazlaryň arasyndaky ýaryşyň umumy jedwelinde aratapawudy 7 minuta çenli artdyrdy.

«Ýüpek ýoly» rallisiniň tamamlaýjy tapgyry «Lipesk—Moskwa» ugry boýunça geçiriler. Ahyrky tapgyrda ýoluň umumy uzynlygy 513 kilometre deň bolar. Şonuň 118 kilometri ýörite bölekdir.

16-njy iýul güni agşam Moskwadaky «Lužniki» Olimpiýa toplumynda «Ýüpek ýoly» rallisiniň 2022-nji ýyldaky ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň