Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

13:1515.07.2022
0
3504
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Surat: yuz.uz

15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Bu barada «yuz.uz» saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda parlamentara dialogyň iki döwletiň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralyna öwrülendigi nygtaldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Özbegistanyň Oliý Majlisiniň ýanynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işi barada aýratyn durlup geçildi. Şeýle-de şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň birinji parlamentara forumynyň we Zenanlar dialogynyň netijelerine ýokary baha berildi. Gepleşikleriň dowamynda durnukly ösüş babatda milli maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmekde tejribe alyşmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, iki ýurduň arasynda gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri guramak barada ylalaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki doganlyk döwletiň, türkmen we özbek halklarynyň bähbidine parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giň gerim bilen ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň