11 — 14-nji oktýabrda Türkmenabatda halkara festiwal geçiriler

23:1013.07.2022
0
4615

Şu ýylyň 11 — 14-nji oktýabry aralygynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, 13-nji iýuldaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanyna festiwalyň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda halkara festiwalyň Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy. Festiwalyň çäklerinde halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary guramak, ussatlyk sapaklaryny, ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow agzalan mejlisde halkara festiwaly bellenilen möhletlerde geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu çäräni ýokary derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň