Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdebinde 15 sany täze hünär ugurlary açyldy

16:1311.07.2022
0
68213

Seýitnazar adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hünär taýýarlygynyň täze ugurlarynyň sany boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda lider boldy diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Ýokary okuw mekdebi okuw we bilim standartlaryny pedagogika ylmynyň soňky gazananlaryny nazara alyp täzeledi.

Hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça ýokary okuw mekdebiniň tertibi umumylykda hünär taýýarlygynyň 15 sany ugry bilen dolduryldy.

Şu ýylda täze ugurlar şulardan ybarat:

  • Pedagogika bilimi (başlangyç bilimiň pedagogikasy we psihologiýasy);
  • Pedagogika bilimi (mekdebe çenli bilim we terbiýe);
  • Daşary ýurt dilleri we edebiýat (pars dili we edebiýaty, iňlis dili);
  • Daşary ýurt dilleri we edebiýat (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili);
  • Daşary ýurt dilleri we edebiýat (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili);
  • Daşary ýurt dilleri we edebiýat (iňlis dili we edebiýaty);
  • Daşary ýurt dilleri we edebiýat (rus dili we edebiýaty);
  • Türkmen dili we edebiýaty;
  • taryh;
  • geografiýa;
  • biologiýa;
  • himiýa;
  • fizika we informatika;
  • matematika we informatika;
  • fiziki medeniýet.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň