Top.Mail.Ru

Gurban Berdiýew özüniň öňki oýunçysy Serdar Azmunyň futbol ýolunyň ösüşi dogrusynda garaýşyny beýan etdi

11:3410.07.2022
0
5468

«Men onuň Angliýa gitmeginiň tarapdarydym. Oňa edilen çynlakaý tekliplerem bardy. Emma ol Germaniýany geçiş (tramplin) hökmünde ulanmak isledi. Meniň pikirimçe, oňa Angliýada oýnamak hem başardardy.

Biz hemişe onuň bilen aragatnaşyk saklaýarys, ýöne bu karara onuň özi geldi. Menem, kakasam oňa täsir etmedi.

«Zenitde» gowy çykyş etsede, men Azmunyň funksional ýagdaýyndan nägiledim. Men onuň özüniň üstünde ýene näçeräk möçberde işlemeligidini bilýärdim. Ol Germaniýa barandan soň etdirilýän fiziki amallaryň diýseň agyrdygyny, türgenleşikleriň işjeňliginiň (intensiwliginiň) gaty ýokarydygyny aýtdy.

Bu döwür onuň üçin uýgunlaşyş döwri. Ol bu ýyla başgaça taýýarlanýar. Azmun özüniň Germaniýa taýynlyksyz gelendigini aýtdy. Mundan başga-da, ol onluk hüjümçiniň ýerinde oýnap, daýanç ýarymgoragçysynyň (opornigiň) yzyndan yzygiderli ylgaýar. Bu bolsa gaty ýadadýar, bu pozisiýa onuň üçin däl» – diýip, Gurban Berdiýew YoutTube-da «Коммент.Шоу» kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

27 ýaşly Azmun 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda «Zenitden» «Baýer Leverkuzene» geçipdi. Oýunçynyň nemes kluby bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Serdar Azmuny Eýranda görüp, Russiýa getiren hut Gurban Berdiýewiň özüdir. Azmun hem edil Berdiýew ýaly etniki türkmen. Serdar türkmen dilini çagalykdan bilenden soň, oňa baş tälimçi bilen söhbetdeş bolmakda kynçylyk ýokdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Gurban Berdiýew YoutTube-da «Коммент.Шоу» gepleşiginiň täze sanyna gatnaşdy. Onuň dowamynda sport žurnalistleri Konstantin Geniç, Denis Kazanskiý, Nobel Arustamýan we Timur Gurtskaýa Gurban Berdiýew bilen onuň tälim beren toparlarynyň üstünlikleri, «Spartak» we Russiýa milli ýygyndysyna tälimçi hökmünde bellenilmek mümkinçiligi bolandygy hakynda, RPL-iň iň gowy oýunçylary we tälimçileri hem-de meşhur gorag oýny barada söhbet etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň