Biraz ozal «Uimbldonyň» zenanlaryň arasyndaky ýekelik bäsleşikleriniň final oýny tamamlandy. Aýgytlaýjy duşuşykda gazagystanly Ýelena Rybakina tunisli Uns Jabere garşy çempionlyk üçin korta çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda 3-6, 6-2, 6-2 hasabynda Ýelena Rybakina ýeňiş gazanmagy başardy. Şeýlelikde, gazagystanly 23 ýaşly tennisçi hem öz ýurdunyň, hem Merkezi Aziýanyň taryhynda «uly tuwulga» ýaryşlarynda çempionlyk münberine göterilen ilkinji tennisçi boldy.
Maglumat üçin, professional karýerasyny 2016-njy ýylda başlan Ýelena Rybakina şu wagta çenli WTA turnirleriniň ikisinde, ITF bäsleşikleriniň dördüsinde baş baýraga mynasyp bolupdy. «Uimbldondaky» çempionlyk arkaly ol karýerasynyň dowamynda gazanan utuş pullarynyň mukdaryny 6 million amerikan dollaryndan geçirdi. Ol häzirki wagtda WTA reýtinginiň 23-nji basgançagy eýeläp dur, bu ugurda iň oňat görkezijisi bolsa şu ýylyň 17-nji ýanwarynda hasaba alnan 12-nji orundyr. Ýeri gelende, WTA-nyň käbir sebäplere görä, bu ýyl «Uimbldonyň» çäklerinde geçirilen oýunlar üçin utuk bermändigini belläp geçmek gerek.