Arhiw

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň 3x3 basketbol boýunça Aziýanyň kubogyndaky çykyşlary tamamlandy

16:0508.07.2022
0
6305

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýanyň kubogyndaky çykyşyny tamamlady. Şu gün türkmen ýygyndysy iki duşuşyk geçirip, olarda Taýwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylaryndan asgyn geldi.

Aziýanyň reýting-sanawynda bäşinji orny eýeleýän Taýwanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk garşydaşyň 13:7 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmenistanly basketbolçylar ikinji duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyndan 13:15 hasabynda asgyn geldiler. Şeýlelikde, türkmen ýygydysy toparçalaýyn tapgyry 20 utuk bilen jemledi.

Zenanlar ýygyndymyzyň yklym ýaryşynda erkeklere görä netijeli çykyş edendiklerini nygtamak gerek. Türkmenistanly zenanlar saýlama tapgyrdan üstünlikli geçdiler. Esasy tapgyrdaky garşydaşlar bolsa has güýçli geldi.

Indi Türkmenistanyň 3x3 basketbol ýygyndysy Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň